Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Dawut patyşa bellenende, otuz ýaşyndady; ol kyrk ýyl patyşalyk etdi. Dawut Hebronda Ýahudanyň üstünden ýedi ýyl, alty aý, Iýerusalimde oturyp, tutuş Ysraýyl bilen Ýahuda otuz üç ýyl patyşalyk etdi. Dawut patyşa adamlaryny alyp, Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslaryň üstüne ýöriş etdi. Ýabuslar Dawuda: «Sen bu ýere girip bilmersiň, hatda körlerdir agsaklaram seni yzyňa serpikdirip bilerler» diýýärdiler. Olar Dawut bu ýere girip bilmez diýip pikir edýärdiler. Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar. Dawut şol gün: «Kimde-kim ýabuslary öldürmekçi bolsa, käriziň içinden geçip, Dawudy ýigrenýän körlerdir agsaklaryň üstüne çozsun» diýdi. («Körlerdir agsaklar Hudaýyň öýüne girip bilmezler» diýen gep şondan galdy.) Dawut galany eýeledi we ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdy. Ol Millodan başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy. Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, sebäbi Hökmürowan Hudaý Reb onuň bilendi. Sur patyşasy Hiram Dawudyň ýanyna ilçiler bilen kedr agaçlaryny, agaç ussalarydyr köşk gurujy ussalary iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular. Şeýlelikde, Dawut özüni Rebbiň tutuş Ysraýylyň patyşasy hökmünde berkarar edendigine hem-de Öz halky Ysraýylyň hatyrasyna öz patyşalygyny beýgeldendigine düşündi. Dawut Hebrondan gelenden soň, Iýerusalimde ýene-de gyrnaklardyr aýallar aldy. Olardan hem Dawudyň ogul-gyzlary boldy. Onuň Iýerusalimde doglan çagalarynyň atlary şulardyr: Şammuwa, Şobap, Natan, Süleýman, Ýybhar, Elişuwa, Nepek, Ýapyýa, Elişama, Elýada, Elipelet. Dawudyň Iýerusalimde doglan çagalary, ine, şulardyr: Şammuwa, Şobap, Natan; Süleýman, Ýybhar, Elişuwa, Elipelet; Noga, Nepek, Ýapyýa; Elişama, Begelýada we Elipelet. Dawut aýaly Batşeba göwünlik berdi we onuň bilen ýatdy. Batşeba bir ogul dogurdy; Dawut onuň adyna Süleýman dakdy. Reb çagany söýdi Ýyşaýdan Dawut patyşa doguldy. Dawutdan Süleýman dünýä indi, onuň ejesi Uryýanyň dul aýaly Batşebady. Elýakym Meleýanyň, Meleýa Mennanyň, Menna Mattatanyň, Mattata Natanyň, Natan Dawudyň,
Выбор основного перевода