Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Süleýman ata-babalaryna gowuşdy. Ol kakasy Dawudyň galasynda jaýlandy. Onuň ýerine ogly Rehabgam patyşa boldy. Rehabgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, Dawut galasynda jaýlandy. Onuň ejesi ammonly bolup, ady Nagamady. Rehabgamyň ýerine ogly Abyýam patyşa boldy. Abyýam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Asa patyşa boldy. Asa ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, atasy Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Ýehoşapat onuň ýerine patyşa boldy. Süleýmandan Rehabgam, Rehabgamdan Abyýa, Abyýadan Asa, Asadan Ýehoşapat, Ýehoşapatdan Ýehoram, Ýehoramdan Uzyýa doguldy.
Выбор основного перевода