Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýoramyň şalygynyň bäşinji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň ogly Ýehoram Ýahuda patyşalyk edip başlady. Ýehoram ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ornuna ogly Ahazýa patyşa boldy. Emma Ýehoram patyşanyň gyzy, Ahazýa patyşanyň aýal dogany Ýehoşeba patyşanyň öldürilmeli ogullarynyň içinden Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýehoşeba Ýowaşy Atalýadan gizledi we ol ölmän galdy. Asadan Ýehoşapat, Ýehoşapatdan Ýehoram, Ýehoramdan Uzyýa doguldy.
Выбор основного перевода