Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Dawut aýaly Batşeba göwünlik berdi we onuň bilen ýatdy. Batşeba bir ogul dogurdy; Dawut onuň adyna Süleýman dakdy. Reb çagany söýdi we Rebbiň hatyrasy üçin, bu çaganyň adyna Ýedidýa dakylmalydygy hakda Natan pygamberiň üsti bilen habar iberdi. Ýahuda halky bilen ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köpdi. Olar iýip-içip, hoşbagtlylykda ýaşadylar. Süleýmanyň bütin ömrüne Dandan Beýerşeba çenli aralykdaky tutuş Ýahudadaky we Ysraýyldaky her bir adam üzüm we injir agaçlarynyň aşagynda asudalykda ýaşady. Ýöne häzir Hudaýym Reb maňa hemme tarapdan parahatçylyk berdi; mende ne ýagy, ne-de betbagtçylyk bar. «Hudaýyňyz Reb siziň bilen dälmi? Ähli tarapdan size rahatlyk beren Şol dälmi? Ol bu ýurduň ähli ilatyny meniň elime berdi we ýurt Rebbe hem-de Onuň halkyna boýun egdi.
Выбор основного перевода