Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ol gorkup: «Bu nähili gorkunç ýer! Bu Hudaýyň öýi, gögüň derwezesi» diýdi. Onsoň Rebbiň perişdesi Gada ýabusly Ornanyň harman ýerinde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurmalydygyny Dawuda aýtmagy emr etdi. Dawut Gadyň Rebbiň adyndan aýdan sözi bilen ol ýere gitdi. Ornan yzyna öwrülip, perişdäni gördi. Onuň ýanyndaky dört ogly gizlendi, Ornan bolsa bugdaý döwmegini dowam etdirdi. Dawut Ornanyň ýanyna geldi. Ornan ony görüp, harmandan çykdy we oňa iki bükülip tagzym etdi. Dawut Ornana şeýle diýdi: «Rebbe gurbanlyk sypasyny gurar ýaly harman ýeriňi ber, ony maňa doly bahasyna sat; şeýtsek, halkyň başyna düşen betbagtçylyk sowlar». Ornan Dawuda şeýle diýdi: «Alaý! Ýakma gurbanlygy üçin öküzleri, odun üçin döwek döwýän gurallary, galla sadakasy üçin bugdaýy – şularyň hemmesini men saňa berýärin». Emma Dawut patyşa Ornana şeýle diýdi: «Ýok, men olaryň hemmesini doly bahasyna satyn aljak. Men Reb üçin seniň zadyňy ýöne aljak däl, mugt düşen zady ýakma gurbanlyk berjek däl». Şeýdip, Dawut Ornana harman ýeri üçin alty ýüz altyn teňňe töledi. Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem-de salamatlyk gurbanlyklaryny hödürledi. Ol Rebbi çagyrdy; Reb ýakma gurbanlyk sypasynyň üstünde gökden ot bilen Dawuda jogap berdi. Soňra Reb perişdä buýruk berdi; perişde gylyjyny gynyna saldy. Dawut ýabusly Ornanyň harmanynda özüne Rebbiň jogap berendigini gören wagty, şol ýerde sadakalar berdi. Çünki Rebbiň Musa tarapyndan çölde gurlan çadyry hem-de ýakma gurbanlyk sypasy şol wagt Gibgondaky seždegähdedi. Süleýman Iýerusalimde kakasy Dawuda Rebbiň görnen Moryýa dagyndaky, Dawudyň taýýarlan ýeri – ýabusly Ornanyň harmanynda Rebbiň öýüniň gurluşygyna başlady.
Выбор основного перевода