Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde ýaşanyňyzda, daş-töweregiňizdäki ähli duşmanlaryňyzdan Reb size parahatçylyk alyp berer we siz howpsuz ýaşarsyňyz. Reb olaryň ata-babalaryna söz berşi ýaly, olara ähli tarapdan parahatçylyk berdi. Olaryň duşmanlarynyň ýekejesi hem olaryň öňünde durup bilmedi. Reb olaryň duşmanlaryny öz ellerine berdi. Rebbiň ysraýyllara daş-töweregindäki ähli duşmanlaryndan parahatçylyk bereninden bäri köp wagt geçipdi we Ýeşuwanyň hem ýaşy birçene baryp, gojalyk ýaşyna ýetipdi. Dawut patyşanyň öz köşgünde ornaşan, Rebbiň ony daş-töweregindäki ähli duşmanlaryndan gorap, oňa rahat durmuş beren döwrüdi. Öň Dawut şeýle diýipdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb Öz halkyna dynçlyk berdi; Ol Iýerusalimde müdimilik ýaşaýar.
Выбор основного перевода