Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Dawut halka şeýle diýdi: «Hudaýyň saýlany, oglum Süleýman heniz ýaş hem tejribesiz, edilmeli iş bolsa uly. Çünki ybadathana ynsan üçin däl-de, Hökmürowan Reb üçindir. Men güýjümiň ýetdiginden Hudaýymyň öýi üçin altyndan ýasalmaly zatlar üçin – altyn, kümüşden ýasalmaly zatlar üçin – kümüş, bürünçden ýasalmaly zatlar üçin – bürünç, demirden ýasalmaly zatlar üçin – demir, agaçdan ýasalmaly zatlar üçin – agaç, köp möçberde hakyk hem-de oturtma daşlar, bezeg daşlary, dürli reňkli daşlar, gymmatbaha daşlaryň ähli görnüşini we köp möçberde mermer taýýarladym. Üstesine-de, Hudaýymyň öýüne bolan söýgim sebäpli, mukaddes ybadathana üçin şu taýýarlan zatlarymdan daşary meniň öz hususy altyn hem kümüş hazynam bar. Men şony-da Hudaýymyň öýüne berdim. Ol bäş müň batman Opyr altynyndan, ybadathananyň diwarlarynyň ýüzüne çaýar ýaly on iki müň batman ýokary hilli kümüşden ybaratdyr. Hünärmentleriň etjek her işi üçin, altyn zatlar üçin altyn, kümüş zatlar üçin kümüş berýärin. Kim bu gün meýletinlik bilen zat hödür edip, özüni Rebbe bagyş etjek?» Soňra urugbaşylardyr tire baştutanlary, müňbaşylardyr ýüzbaşylar, şa gullugyndaky baştutanlar meýletin gurbanlyklar berdiler.
Выбор основного перевода