Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Hudaýyňyz Reb ähli tireleriň arasynda Özüne ybadat edilmegi üçin ýer saýlar we siz şol ýeri gözläp taparsyňyz. Siz ol ýere baryň, we özüňiziň ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, aýdan sadakalaryňyzy, meýletin sadakalaryňyzy we mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny eltiň. Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýerine meniň buýran ähli zatlarymy: ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, Rebbe göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy getiriň. Iýerusalimiň hany Adonysedek Ýeşuwanyň Aý galasyny basyp alyp, ony bütinleý ýok edendigini, onuň hanyny hem edil Ýerihony we onuň hanyny ýok edişi ýaly, gylyçdan geçirendigini eşitdi. Gibgonyň ýaşaýjylarynyň bolsa Ysraýyl bilen ýaraşyk baglaşyp, olaryň arasynda ýaşaýandyklaryny eşidende, Elkana ýylyň-ýylyna Hökmürowan Rebbe sežde etmek hem Oňa gurbanlyk bermek üçin, Şilo galasyna gidýärdi. Ol ýerde Eliýiň Hopny we Pinehas atly iki ogly bardy. Olar Rebbiň ruhanylarydy. Olar iýip-içip bolanlaryndan soň, Hanna ýerinden turup, Rebbiň huzuryna bardy. Eliý ruhany şol wagt Rebbiň ybadathanasynyň söýesiniň gapdalyndaky kürsüde otyrdy.
Выбор основного перевода