Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ruhany olara: «Arkaýyn gidiberiň, siziň ýoluňyz Rebbiň nazarynda» diýdi. Soňra Ýonatan Dawuda: «„Özümize hem-de neslimize Reb ebedilik şaýat bolsun“ diýip, ikimiz hem Rebden äht edişdik ahyryn. Bar, indi sen arkaýyn gidiber» diýdi. Soňra Dawut onuň getiren zatlaryny aldy-da: «Arkaýyn öýüňe gaýdyber; sözüň kabul boldy, haýyşyň bitdi» diýdi. Ol seni alty betbagtçylykdan gutarar, ýedinjiden-de saňa zyýan ýetmez. Seniň ähli sadakalaryňy, goý, ýada salsyn, ýakma gurbanlyklaryňy kabul eýlesin. Sela Ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl etsin, ähli maksatlaryňa seni ýetirsin. Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git, derdiňden saplan» diýdi. Isa bolsa aýala: «Seni imanyň halas etdi, arkaýyn gidiber» diýdi. Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Arkaýyn gidiber» diýdi.
Выбор основного перевода