Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Adam aýaly Howa ýanaşdy. How hamyla bolup, Kabyly dogurdy. How: «Rebbiň kömegi bilen men bir ogul dünýä inderdim» diýdi. Nuh hem-de onuň bilen gämide bolan haýwanlardyr mallaryň ählisini Hudaý ýatdan çykarmandy. Hudaý ýerde şemal öwüsdirdi; suw çekilmäge başlady. Hudaý Raheli ýatdan çykarmandy. Ol Raheliň dilegini eşidip, onuň ýatgysyny açdy. Efraýym daglygyndaky Ramataýymsopym galasynda Elkana diýen bir adam ýaşaýardy. Efraýym tiresinden bolan bu adam Ýerohamyň ogly, Elihuwyň agtygy, Tohuwyň çowlugy we Supuň ýuwlugydy. Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».
Выбор основного перевода