Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Elkana öýüne – Rama dolandy. Şamuwel bolsa Rebbe gulluk etmek üçin, Eliý ruhanynyň ýanynda galdy. Şamuwel Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýip gezýärdi. Ýetginjek Şamuwel Eliýiň ýanynda Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol günler Rebbiň sözi seýrek gelerdi, Rebden gelýän ylhamlar azdy. Musanyň kanuny boýunça geçirilýän tämizleniş däp-dessurlaryň berjaý edilmeli döwri ýetip gelende, Ýusup bilen Merýem Iýerusalime gitdiler. Olar Isany Rebbe bagyş etmek üçin, Ony hem ýanlaryna aldylar. Eger gyz wada edip ýa-da bir zat babatda oýlanman kasam içip, soňam durmuşa çyksa, Eliý oňa: «Bar, arkaýyn öýüňe gaýdyber, goý, Ysraýyl Hudaýy dilegiňi kabul etsin» diýdi. Indi bolsa, Sen, ýa Hudaýymyz Reb, Öz guluň hem onuň nesli hakda aýdan sözüňi ebedi sakla-da, diýşiň ýaly et!
Выбор основного перевода