Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Şonuň üçin gurbanlyk sypasynda sadaka bermäge barýarkaň, doganyňyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, sadakaňy sypanyň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen ýaraş. Soňra gelip, sadakaňy hödür et. Dawagäriň bilen entek ýoldakaň ýaraş, ýogsam ol seni kaza, kazy hem zyndan sakçysyna tabşyryp, zyndana düşmegiň ahmal. Saňa dogrusyny aýdýaryn, jerimäňi doly töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň. Är öz aýaly babatda, aýaly-da öz äri babatda är-aýallyk borçlaryny berjaý etmelidirler. Eý, ärler, Isa Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem öz aýalyňyzy söýüň. Ol Öz ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizledi, ony Özüne mukaddes halk edinmek üçin, janyny gurban etdi. Eý, ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz daramaň. her kes öz bedenine päklik we abraý bilen eýelik etsin,
Выбор основного перевода