Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Eger eden nädogry işiňiz üçin ýenjilmelere döz gelýän bolsaňyz, bu size näme hormat getirer? Emma ýagşylyk edibem ýene ejir çekseňiz we muňa çydasaňyz, Hudaý mundan has köp razy bolar. Ine, siz şunuň üçinem çagyryldyňyz, sebäbi Mesih siziň üçin ejir çekdi. Öz yzyna eýermegiňiz üçin, Ol size görelde boldy. «Ol hiç hili günä etmedi, agzyndan bir ýalan söz çykmady». Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy. Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz. Mesihiň ady sebäpli kemsidilýän bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, sebäbi Hudaýyň şöhratly Ruhy sizde mesgen tutandyr. Ýöne sizden hiç kim ganhor ýa ogry, başga bir jenaýatçy, ýa şugulçy bolup ejir çekmesin. Kim mesihi bolup ejir çekýän bolsa utanmasyn. Ol bu at bilen Hudaýy şöhratlandyrsyn. Çünki hökümiň Hudaýyň maşgalasyndan başlanmaly wagty gelip ýetdi. Höküm öňürti bizden başlansa, onda Hudaýyň Hoş Habaryna tabyn bolmaýanlaryň soňy näme bolar? Eger dogry adam zordan halas bolýan bolsa, onda hudaýsyzyň we günäkäriň ahwaly niçik bolar? Munuň üçin Hudaýyň islegi bilen ejir çekýänler ýagşylyk etmegini dowam etdirip, özlerini sadyk Ýaradana tabşyrsynlar.
Выбор основного перевода