Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Isleýärmiň döwran sürmegi? Göresiň gelýärmi ýagşy günleri? Ýamanlykdan sakla sen öz diliňi we hileli gepden – dodaklaryňy; ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk, parahatlyk agtar, onuň yzyndan galma. Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy. Rebbiň ýüzi betkärlere garşydyr; olary ýatlamadan ýer ýüzünde nyşan galdyrmaz. Eger kimde-kim özüni dindar saýýan bolsa, emma dilini saklamaýan bolsa, ol özüni aldaýandyr, onuň dindarlygy biderekdir. Şonuň üçin hem her hili ýaman niýeti, hilegärligi, ikiýüzlüligi, bahyllygy, gybat-gürrüňleri özüňizden aýryp taşlaň. «Ol hiç hili günä etmedi, agzyndan bir ýalan söz çykmady». Agzyna we diline berk janyny beladan goraýandyr.
Выбор основного перевода