Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Şol gün Taňry owadan aýak-halkalaryny, alyn bezeglerini, gymmatbaha monjuklaryny, gulakhalkalaryny, bileziklerini we ýaglyklaryny, börüklerini, topuk-halkalaryny, guşaklaryny, atyr çüýşejiklerini we doga-tumarlaryny, ýüzüklerini we burun halkalaryny, toý lybaslaryny, kürtelerini, çabytlaryny we el gapjyklaryny, ýüz aýnalaryny, ýüpek lybaslaryny, börüklerini we bürençeklerini aýrar. Atyryň deregine porsy ys, bil guşagyň deregine ýüp, buýra zülpleriň deregine kellik, bezemen lybasyň deregine jul, gözelligiň deregine utanç bolar. Aýallar hem saçlaryny gereginden artyk owadanlamasynlar, özlerini tylla we merjen şaý-sepleri, gymmatbaha eginbaşlary bilen bezemesinler. Tersine, sada geýnip, asyllylyk we haýa bilen öz ýagşy işlerine beslensinler. Hudaýyň ýörelgelerine eýerýändiklerini ykrar edýän aýallara şeýle etmek ýaraşýandyr.
Выбор основного перевода