Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki Hudaýyňyz Reb ýakyp-ýandyryjy bir otdur, Ol gabanjaň Hudaýdyr. Emma Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berer, olaryň hemmesi ýok bolýança, olary uly howsala salar. Reb olaryň hanlaryny-da siziň eliňize berer, siz olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaň. Olary ýok edýänçäňiz, hiç kim siziň öňüňizde durup bilmez. Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Ol ähli halklary siziň öňüňizden ýok eder we siz olaryň ýerini mülk edinersiňiz. Rebbiň söz berşi ýaly, Ýeşuwa size baş bolup, derýadan geçer. Ine, bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň Äht sandygy siziň öňüňizden Iordan derýasyndan geçer.
Выбор основного перевода