Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa şeýle diýdi: «Häziriň özünde aşak düş! Seniň Müsürden çykaran halkyň azgynçylyga ýüz urdy. Olar Meniň aýdan ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine göleden but ýasap, oňa sežde etdiler. Oňa sadaka berip: „Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur“ diýişdiler». Reb Musa ýene-de: «Men bu halkyň nähili boýnuýogyndygyny gördüm. Indi Meni ýeke goý, çünki Men gazap atyna atlanyp, olary ýok edip taşlaýyn we senden bir beýik millet döredeýin» diýdi. Soňra Musa eline äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, dagdan aşak gaýtdy. Bu ýasy daş bölekleriniň hersiniň iki tarapyna-da: öň tarapyna hem, arka tarapyna hem ýazylandy. Bu ýasy daşlar Hudaýyň işidi. Ýasy daşlaryň ýüzündäki oýulyp ýazylan ýazgylar Hudaýyň ýazgylarydy. Ýeşuwa halkyň gygyryşýan gykylygyny eşidip, Musa: «Düşelgeden urşuň sesi gelýär» diýdi. Emma Musa: «Bu ses ýeňijileriň sesem däl, ýeňlenleriňki hem däl. Bu eşidýänimiz aýşy-eşretiň sesidir!» diýdi. Ol düşelgä ýakyn gelen badyna, göläni we tans edip ýören adamlary gördi. Musa gahar-gazaba münüp, elindäki ýasy daş böleklerini zyňyp goýberdi, olar dagyň eteginde çym-pytrak boldy.
Выбор основного перевода