Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyllar: «Reb biziň aramyzdamy ýa-da ýok?» diýip dawalaşyp, Rebbi synadylar. Şol sebäpli Musa ol ýeri Masa we Meriba diýip atlandyrdy. Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi. Halk Musa perýat etdi, Musa-da Rebbe ýalbaryp dileg etdi. Ot söndi. Şonuň üçin hem ol ýere Tabgera diýip at goýdular. Çünki Rebbiň iberen ody olaryň garşysyna tutaşypdy. Şeýlelikde, ol ýer Kibrothatawa diýip atlandyryldy, sebäbi olar şol ýerde açgözlük edenleri jaýladylar.
Выбор основного перевода