Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
On dördünji ýylda Kedorlagomer we onuň bilen birleşen şalar, Aşterotkarnaýymda rapalary, Hamda zuzylary, Şawekirýataýymda eýmimleri we çöl etegindäki Eýlparana çenli uzalyp gidýän Segir daglarynda horylary derbi-dagyn etdiler. Olar hem anaklar ýaly rapalar saýylýardy. Emma mowaplar olary eýmimler diýip atlandyrdylar. (Aslynda bu ýer rapalaryň ýeri hasaplanýardy. Olar bu ýerde öňden bäri ýaşaýardylar. Ammonlar olara zamzumlar diýip at berdiler. Indi Ýowap ammonlaryň Raba galasynyň garşysyna uruşýardy. Ol şa galasyny basyp aldy. Reb şeýle diýýär: «Ammonlaryň Raba şäherine uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler. Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar, obalary oda ýakylar. Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär. Muny Reb aýdýandyr. Men bolsa Ysraýylyň öňünden amorlary ýok etdim. Boýlary kedr agajy deý uzyn, dub agajy kimin güýçli bolsa-da, olaryň ýokardan miwesini, aşakdan köküni gyrdym.
Выбор основного перевода