Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gilgat, Geşur, Magakat topragy, tutuş Hermon dagy we bütin Başandan tä Salka çenli bolan ýerler; Aştarotda we Edreýde hökümdarlyk eden Başan hany Oguň ähli hanlygy degişlidir (Og han rapalaryň iň soňkularynyň biridi). Musa bulary derbi-dagyn edip, ýerlerinden kowup çykarypdy. Ruben tiresiniň mülküne Heşbonda hökümdarlyk eden amor hany Sihonyň tekizlikdäki ähli galalary we hanlygy degişlidir. Musa Sihony we ýurdunda ýaşap, onuň tarapdary bolan Midýan hanlaryny: Ewini, Rekemi, Sury, Hury we Rebany basyp aldy.
Выбор основного перевода