Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“ diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler. Galalaryňyzda gandar bilen ar alyjynyň arasyndaky gan döküşikli dawalar, hak-hukugyň üstünde ýa-da uruşda siziň üçin çözmesi kyn dawalar ýüze çyksa, Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine baryň. Ol ýerde siz lewi ruhanylary we şol döwürde hyzmat edýän kazylar bilen maslahatlaşyň. Olar size her dawanyň çözgüdini mälim ederler. Rebbiň saýlajak ýerindäki aýdylan çözgüt boýunça iş tutuň. Olaryň size beren görkezmeleriniň hemmesini yhlas bilen ýerine ýetiriň. Olar size näme tabşyrsa, berjaý ediň, çykarylan höküm boýunça iş tutuň. Özüňize aýdylan çözgütden saga-da, çepe-de sowulmaň.
Выбор основного перевода