Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Merary kowumyndan bolan Hosanyň ogullary: baştutan Şimri. Ol nowbahar ogul bolmasa-da, kakasy ony baştutan edipdi. Mahalat Rehabgama: Ýeguş, Şemarýa we Zaham atly ogullary dogrup berdi. Mahalatdan soň Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magaka öýlendi. Magaka oňa: Abyýa, Ataý, Ziza we Şelomyt atly ogullary dogrup berdi. Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magakany beýleki hemme aýallaryndan we gyrnaklaryndan eý görýärdi. Rehabgamyň on sekiz aýaly we altmyş gyrnagy bardy; ol ýigrimi sekiz ogluň we altmyş gyzyň atasydy. Rehabgam Magakanyň ogly Abyýany geljekde patyşa etmek niýeti bilen inilerine baştutan belledi.
Выбор основного перевода