2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 31:4
Ruhanylar, lewiler özlerini Rebbiň kanunyna bagyş eder ýaly, Hizkiýa Iýerusalimiň ilatyna ruhanylara we lewilere ondan bir bölegi bermeklerini buýurdy.
Şol gün ybadathana üçin berilýän gatançlaryň, ilkinji miweleriň we ondan birleriň saklanýan ammarlaryna gözegçiler goýuldy. Olar ruhanylar we lewiler üçin kanun tarapyndan galalaryň meýdanlaryna görä kesgitlenen paýlary ýygnamalydylar. Çünki ýahudalar ruhanylaryň we lewileriň hyzmatyndan hoşaldylar.