Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar Musa: «Bize sen geple, biz eşideris, ýöne, goý, Hudaý bize geplemesin, ýogsam, biz öleris» diýdiler. «Dag lowlap ýanýarka, Rebbiň garaňkylygyň içinden gelýän sesini eşideniňizde, ähli tirebaşylaryňyzdyr ýaşulularyňyz ýanyma gelip, maňa şeýle diýdiňiz: „Ine, Hudaýymyz Reb bize Öz şöhratyny we beýikligini görkezdi. Biz Onuň ot içinden çykýan sesini eşitdik. Bu gün biz Hudaý ynsan bilen gepleşse-de, ynsanyň diri galyp biljek ekendigini gördük. Näme üçin biz bu gün ölmeli? Çünki bu beýik ot bizi ýandyrar. Emma Hudaýymyz Rebbiň sesini mundan artyk eşitsek biz öleris. Çünki ot içinden gepleýän diri Hudaýyň sesini eşidip, adamzat arasynda biz ýaly ölmän galan barmy? Seniň özüň golaý bar-da, Hudaýymyz Rebbiň aýtjak zatlarynyň hemmesini diňle. Soňra Hudaýymyz Rebbiň aýdanlarynyň hemmesini bize ýetir. Biz saňa gulak asarys we berjaý ederis“.
Выбор основного перевода