Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň. «Sözlerimi agzyňa saldym, seni elimiň kölegesinde gizledim; gökleri berkarar etdim, ýeriň düýbüni tutdum, Siona: „Sen Meniň halkymsyň“ diýdim». Aýal Oňa: «Men Mesihiň geljegini bilýärin, Ol gelende bize ähli zady düşündirer» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir.) Isa oňa: «Seniň bilen gepleşip duran Şoldur» diýdi. Soňra Isa olara: «Ynsan Ogluny haçda ýokary göteren mahalyňyz, Meniň Şoldugymy bilersiňiz. Şeýle hem Meniň Özümden hiç zat etmändigime, diňe Atamyň öwreden zatlaryny aýdandygyma düşünersiňiz. «Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Goý, gözleri bilen görmesinler, gulaklary bilen eşitmesinler, aňlary bilen aňlamasynlar, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar». Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bu sözleri Ol hakda aýdypdyr. Muňa garamazdan, mejlisiň agzalarynyň köpüsi Oňa iman etdi, emma fariseýler zerarly muny açyk yglan etmediler, sebäbi olar sinagogadan kowulmakdan gorkýardylar. Sebäbi olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler. Isa bolsa gaty ses bilen şeýle diýdi: «Maňa iman edýän Maňa däl-de, Meni Iberene iman edýändir. Meni görýän, Meni Ibereni-de görýändir. Maňa iman eden her kes garaňkylykda galmasyn diýip, Men dünýä nur bolup geldim. Sözlerimi eşidibem, olary berjaý etmedigiň üstünden höküm çykarmaryn. Sebäbi Men dünýäniň üstünden höküm çykarmaga däl-de, ony halas etmäge geldim. Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäne ahyrky günde Meniň hut şu aýdýan sözlerim höküm çykarar. Sebäbi Men Öz-Özümden geplemedim. Meni iberen Ata näme aýtmalydygymy, nähili sözlemelidigimi Maňa Özi buýurdy. Onuň buýrugynyň bolsa baky ýaşaýşa gowşurýandygyny bilýärin. Şonuň üçin Atam Maňa näme buýran bolsa, Men size diňe şony aýdýandyryn». Çünki Maňa aýdan sözleriňi Men olara ýetirdim. Olar sözleriňi kabul edip, Meniň, hakykatdan-da, Senden gelendigimi bildiler. Meni Seniň iberendigiňe iman etdiler.
Выбор основного перевода