Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Şamuwel: «Eýgilik. Rebbe gurbanlyk bermek üçin geldim. Iniňizi tämizläň-de, meniň bilen gurbanlyga baryň» diýdi. Soňra ol Ýyşaý bilen onuň ogullaryny tämizläp, mukaddes etdi we olary gurbanlyga çagyrdy. Ümsüm bol Rebbiň öňünde, Oňa sabyrly garaş, ýoly rowaç betniýete höwesli bakma. Perýat ediň, Rebbiň güni ýakyndyr! Ol Gudratygüýçli tarapyndan weýrançylyk deý geler. Rebbiň gylyjy gana bulanandyr, guzudyr owlaklaryň ganyndan doludyr, ýag, goçlaryň böwrek ýagy bilen örtülendir; Rebbiň Bosrada gurbanlygy bar, Edomda uly gyrgyn bolar. Bu gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň günüdir; bu gün ýagylaryndan ar alynýan öç günüdir; gylyç olary iýip doýar, ganlaryny içip serhoş bolar; çünki demirgazyk ýurdunda, Ýewfradyň kenarynda Hökmürowan Taňry Rebbe gurbanlyk berilýär. Eý, ynsan ogly, Hökmürowan Reb her hili guşlara we ähli ýyrtyjy haýwanlara şeýle diýýär diý: «Üýşüň-de, geliň; siziň üçin kesjek gurbanlygyma, Ysraýyl daglarynyň üstündäki uly gurbanlyga dumly-duşdan ýygnanyň, et iýersiňiz, gan içersiňiz. Emma Özüniň mukaddes ybadathanasyndadyr Reb, goý, bütin dünýä dymsyn Onuň öňünde! Golaýdyr Rebbiň höküm güni, golaýdyr, Ine, ýetip gelýändir ol. Hasratlydyr Rebbiň şol güni, batyr esger ajy perýat eder. Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.
Выбор основного перевода