Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Şondan soň, ol Gihonyň günbatarynda, deredäki Balyk derwezesindäki girelgä çenli bolan Dawut galasynyň daşky diwaryny gurdy. Manaşa diwary Ofeliň daşyndan aýlap, has beýgeltdi. Ol şeýle hem Ýahudanyň ähli galalarynda goşun serkerdelerini goýdy. Şeýdip, Hilkiýa ruhany we patyşanyň onuň bilen iberen adamlary Hulda atly aýal pygamberiň ýanyna gelip, oňa bu barada gürrüň berdiler. Hulda eşik sakçysy Hasranyň agtygy, Tokadyň ogly Şallumyň aýalydy, ol Iýerusalimiň täze bölüminde ýaşaýardy. Her bir beýik baýryň depesindäki, ähli daglaryň başyndaky, her bir gür ýaprakly agajyň astyndaky we belent dub agajynyň astyndaky gurbanlyk sypalarynyň we butlarynyň arasynda, tütetgi hödür edilýän ähli ýerlerinde olaryň gylyçdan geçirilenleri serlip ýatanda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Şol gün köşk aýdymlary ahy-nala öwrüler. Ähli ýer taşlanan jesetlerden dolar. Ümsüm boluň!» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода