Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Bagala, Aşera we ähli asman jisimlerine sežde etmek üçin edilen gap-gaçlaryň baryny Rebbiň ybadathanasyndan çykarmak barada Ýoşyýa patyşa baş ruhany Hilkiýa, ikinji derejeli ruhanylara we gapy sakçylaryna tabşyryk berdi. Onsoň şol gap-gaçlaryň baryny Iýerusalimiň daşynda, Kidron deresinde ýakyp, olaryň külüni Beýtele äkitdiler. Ýahuda patyşalarynyň ýahuda galalarynyň we Iýerusalimiň töweregindäki seždegählerde ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin bellenen butparaz ruhanylary, şeýle hem Bagala, Güne, Aýa, ýyldyzlara we tutuş asman jisimlerine sadakalar hödürleýän ruhanylary wezipelerinden boşatdy. Ahy-nala çek, eý, Heşbon! Çünki Aý galasy weýran boldy! Eý, Rabanyň obalary, perýat ediň, jul guşanyp, ýas tutuň, ekin meýdanlaryňyzda ikiýana ylgaň. Çünki ruhanylarydyr ýolbaşçylary bilen birlikde Milkom sürgün ediler. Men olara garşy elimi uzadyp, olaryň çöllükden tä Dibla çenli bolan ilatly ýerlerini harabaçylyga we weýrançylyga öwrerin. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“». Samariýada ýaşaýanlar Beýtaweniň gölesi üçin gorkýarlar. Ilaty onuň üçin ýas tutar. Onuň şöhraty bilen joşan butparaz ruhanylar aglaýarlar. Çünki şöhraty ondan gitdi. Butlaryňyzy, dikme daşlaryňyzy ýok ederin, indi siz öz eliňiziň işine sežde etmersiňiz.
Выбор основного перевода