Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Diýýärler: «Reb görmeýär. Ýakubyň Hudaýy dykgat bermeýär». Reb şeýle diýýär: „Men köp balykçylary ýollaryn, olary tutarlar. Ondan soňra Men köp awçylary ýollaryn. Her dagyň, her depäniň üstünden we her gaýanyň gowagyndan olary awlarlar. Çünki Meniň gözlerim olaryň edýän pis işlerindedir. Olar Meniň huzurymdan gizlenip bilmez, etmişleri nazarymdan sypmaz. Mowap ýaşlygyndan rahat ýaşady, ol hiç haçan sürgün edilmedi. Çaýkalmadyk al-elwan şerap deý ol gapdan-gaba boşadylmady. Şeýdip, tagamy özünde galdy, özüniň hoşboý ysyny ýitirmedi. Onsoň Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşulularynyň her biriniň garaňkyda butlardan doly otaglarynda näme edýänini gördüňmi? Olar Reb bizi görmeýär, Reb ýurdy terk etdi diýýärler» diýdi. Bular: „Öýleri gurmagyň wagty basym gelmezmi? Bu şäher bir gazandyr, biz bolsa onuň içinde abat saklanýan etdiris“ diýýärler. Dat günüňize, eý, Sionda asuda ýaşaýanlar, Samariýa dagynda howpsuz oturanlar, ysraýyl halkynyň ýüz tutmaga barýan iň beýik milletiň meşhur adamlary! Karmel dagynyň depesinde gizlenseler-de, ol ýerden Men olary yzarlap taparyn. Huzurymdan deňziň düýbünde gizlenseler-de, deňiz ýylanyna buýruk bererin, ýylan-da olary çakar.
Выбор основного перевода