Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Guduzlan deňze ýöredýäň Öz hökümiňi, tolkunlary möwjände, köşeşdirýäň olary. Ol tupany asudalyga öwürdi, deňiz tolkunlary köşeşdi. Betbagtçylyk! Köp milletleriň güwwüldisi! Deňziň güwwüldisi deý güwleýär olar! Ah! Halklaryň güwwüldisi! Güýçli tolkunlar deý güwwüldeşýärler! Milletler güýçli tolkunlaryň uwlaýşy dek uwlaşarlar, emma Ol olara käýär, daglardaky şemala uçýan çöp- -çalam deý, uzaklara gaçarlar olar, tüweleýiň öňündäki togalanýan toz deý togalanarlar. Isa olara: «Nämä gorkýarsyňyz, eý, imany azlar?!» diýdi. Soňra Ol ýerinden turup, ýele we köle käýedi welin, ol ýere doly ümsümlik aralaşdy. Isa turup, ýele käýedi, Ol köle: «Sem bol! Bes et!» diýdi. Şonda ýel ýatdy we doly asudalyk boldy.
Выбор основного перевода