Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol siziň şöhratyňyzdyr. Öz gözüňiz bilen gören äpet we elhenç alamatlaryny siziň üçin görkezen Hudaýyňyz Oldur. Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri we olaryň hudaýlaryny olaryň öňünden kowup çykardyň. Ýeriň ähli uçlary Rebbi ýada salyp, Oňa öwrüler, halklaryň ähli uruglary Oňa sežde ederler. Hakykat, pespällik, dogrulyk üçin, sen öz şanyňda ýeňişli atlan; seniň goluň gudrat görkezsin. Hudaýa diýiň: «Eý, Hudaý, işleriň neneň haýbatly! Kuwwatyňyň beýikliginden ýaňa duşmanlaryň Saňa boýun bolýarlar. Eý, bizi halas eýleýän Hudaý, bagtyýar günlerimizi ýene-de gaýtar, bize bolan gahar-gazabyňdan el göter. Deňizdäki gämilerde ýüzýänler, haýbatly suwlarda söwda edýänler
Выбор основного перевода