Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Erem bagyny suwarýan derýa Eremiň içinden akyp geçip, bagyň gutaran ýerinde dört derýa bölünýär. Eger siz Meniň parzlaryma eýerip, tabşyryklarymy saklap, olary ak ýürekden berjaý etseňiz, Men siziň ýerleriňize gerek wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Ýer hasyl berer, meýdan agaçlary-da miwe getirer. Ol ýeriň aladasyny edýän Hudaýyňyz Rebdir. Ýylyň başyndan tä ahyryna çenli Hudaýyňyz Rebbiň gözi hemişe ol ýerdedir. Şeýdip, Ysraýyl howpsuz ýaşar, däne we şerabyň bol ýerinde, Ýakubyň mekany abadan bolar. Ol ýere asmandan çyg düşer. Bir derýa bar, onuň akymlary şat edýär Hudaýyň şäherini – Beýik Hudaýyň mukaddes mesgenini. Eý, Hudaý, Sen bolelin ýagyş ýagdyrdyň, saýlan topragyň tapdan düşende, oňa güýç berdiň. Seniň halkyň şol toprakda ýaşady. Eý, Hudaý, Öz ýagşylygyň sebäpli Sen ony mätäçlere taýynlap goýduň. Ynsanlar, mallar toprakdan azygyny edinsin diýip, olar üçin galla, otlar ösdürýäň: Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär, saýlama bugdaýdan seni doýurýar.
Выбор основного перевода