Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Haçan çagyrsak, Hudaýymyz Reb ýanymyzda. Şeýle Hudaýly beýik millet nirede bar? Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin sadyk adamy saýlap goýandyr. Reb meni eşidýär çagyranymda. Hudaýy Reb bolan millet bagtlydyr; Öz genji hökmünde saýlan halky bagtlydyr. Öýüňiň näz-nygmatyndan doýýarlar; Sen olary Öz lezzet derýaňdan gandyrýaň. Düşegimde Seni ýatlan wagtymda, gijäniň nobatlarynda Sen hakda oýlananymda, janym ýilik bilen ýagdan doýan dek bolýar, şadyýan dilim bilen agzym Saňa öwgüler aýdar. Bagtlydyr Seniň öýüňde mesgen tutanlar, olar mydama Seni şöhratlandyrarlar. Sela
Выбор основного перевода