Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şimgi: «Güm bol! Güm bol! Ganhor, deýýus! Ýerine şa bolan adamyň Şawulyň garyndaşlarynyň tutuş ganyny Reb senden aldy. Ol şalygy ogluň Abşaloma berdi. Görýäňmi, öz pisligiňiň pidasy bolduň, sebäbi sen ganhor» diýip garganýardy. Ahytopel Abşaloma şeýle diýdi: «Ygtyýar et, on iki müň adamy saýlaýyn-da, şu gije Dawudyň yzyndan kowalaýyn. Gora meni gözüň göreji ýaly; maňa hüjüm edýän erbet adamdan, daşymy gurşaýan ganym duşmandan Öz ganatlaryňyň astynda gizle Sen meni. Olar diýýär: «Hudaý ony taşlady, kowalap, tutuň siz ony. Ony halas etjek ýok indi».
Выбор основного перевода