Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Erbetler, betkärler bilen bile meni süýreme; olar parahat gepleşýärler goňşusy bilen, emma welin pislik bar ýüreklerinde. Men arslanlaryň arasynda, wagşy haýwanlar ýaly adamlaryň arasynda ýatyryn; olaryň dişleri naýza, ok ýaly, kesgir gylyç ýaly olaryň dili. Ine, olar agyzlaryndan erbetlik saçýar, dilleri ajylyk pürkýär. Olar: «Kim eşider?» diýip oýlaýar. Olaryň bar niýeti meni beýiklikden pese düşürmek; olar ýalan sözlemekden lezzet alýarlar, agyzlary bilen ak pata berýärler, ýüreklerinde bolsa näletleýärler. Sela Olar dillerini gylyç kimin ýiteldýär; bigünäni bukudan atmakçy bolup, ajy sözlerini peýkam kimin çeneýär; duýman durka ony atyp, asla gorkmaýar. Çünki bozuk aýalyň dodagyndan bal damýandyr, sözleri ýagdan ýumşakdyr. Emma soňunda ýowşan ýaly ajydyr, ikiýüzli gylyç ýaly ýitidir. Oýlanman gepleýän dil gylyç ýaly sanjylýandyr, akyldaryň dili bolsa şypa berýändir. Dilleri öldüriji peýkamdyr, hile bilen sözleýärler. Goňşularyna hoş sözler aýdýarlar, ýüreginde bolsa duzak gurýarlar.
Выбор основного перевода