Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Garaňkylykdan gutuljagyna ynam ýokdur olarda, olaryň takdyry gylyçdyr. Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Bu eden işiň üçin Reb şeýle diýýär: „Sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“». Şeýdip, Ylýas pygamber özüne berlen tabşyrygy berjaý etdi. ýok edýärsiň ýalan sözleýänleri. Ýa Reb, Sen ýigrenýärsiň ganhor bilen kezzaby. Eý, Hudaýym, men Saňa bil baglaýan; men utanja galmaýyn; duşmanlarym menden üstün çykmasyn. Eý, galkanymyz Taňry! Olary öldürme, ýogsa halkym unudar, olary Öz gudratyň bilen dargat-da, dyzyna çöker. Sil suwlary meni girdabyna salmasyn, çuňluk meni, goý, ýuwutmasyn, gabyr üstümden öz agzyny ýummasyn. Rebden gorkmak ömri uzaldýandyr, erbediň ömri gysgalýar. Kim gorp gazsa, oňa özi ýykylar, kim ýokary daş togalasa, ol öz üstüne gaýdar.
Выбор основного перевода