Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Reb entek görlüp-eşidilmedik bir zat edäýse, ýagny ýer darka ýarylyp, bu adamlary we olara degişli zatlaryň hemmesini ýuwutsa, olar hem diriligine ölüler dünýäsine düşseler, şonda bu adamlaryň Rebbi äsgermezlik edendiklerine göz ýetirersiňiz». Musa bu zatlary aýdyp gutaran badyna, olaryň astyndaky ýer darka ýaryldy. Ýer agzyny açyp, olary we maşgalalaryny – Kora degişli bolan adamlaryň we emlägiň baryny ýuwutdy. Şeýdip, olar ähli goş-golamlary bilen bile diriligine ölüler dünýäsine düşdüler. Olaryň yzyndan ýer ýapyldy we olar jemagatyň arasyndan gaýyp boldular. Emma Hudaý olara peýkamyn atar, olar duýdansyz ýaralanar.
Выбор основного перевода