Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň; Sen meniň gulaklarymy açdyň; ýakma gurbanlygyny, günä gurbanlygyny talap etmediň. Reb şeýle diýýär: «Köp gurbanlyklaryňyzyň Maňa haýry nä? Goçlardan berlen ýakma gurbanlyklaryndan, baga bakylan mallaryň ýagyndan doýdum. Öküzleriň, guzularyň we erkeçleriň ganyndan lezzet almaýaryn. Çünki Men ata-babalaryňyzy Müsürden çykaryp getirenimde, olara ýakma gurbanlygy bilen beýleki gurbanlyklar hakda hiç zat aýtmandym ýa-da buýruk bermändim. Çünki Men gurbanlygy däl, sadyk söýgini isleýärin, Ýakma gurbanlygy däl, Hudaýy tanamaklygy isleýärin.
Выбор основного перевода