Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýdan dileg edersiň, Ol hem seni eşider, sen hudaýýolularyňy berersiň. Eý, Rebden gorkýanlar, Ony alkyşlaň! Eý, Ýakubyň ähli zürýady, Ony şöhratlandyryň! Eý, Ysraýylyň bar neberesi, Onuň öňünde galpyldaň! «Onuň ýüzüni agtar» diýýär ýüregim. Ýa Reb, Seniň ýüzüňi agtarýaryn men. Muşakgat içinde çagyrdyň, seni halas eýledim, gök gürrüldisinden Men jogap berdim. Meribanyň boýunda seni synadym. Sela Meni çagyranlarynda jogap bererin. Muşakgatlarda olar bilen bolaryn, azat edip, şan-şöhrata beslärin. Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi. Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi. Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.
Выбор основного перевода