Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Tireleriňiziň ähli ýaşulularyny we baştutanlaryňyzy meniň ýanyma ýygnaň. Men bu sözleri olara eşitdirip aýtjak. Goý, asman bilen ýer olara garşy şaýat bolsun. «Eý, asman, gulak goý, Men sözläýin. Eý, zemin, aýdýanlarymy eşit. Şeýdip, Öz halkyny Reb aklar, Ol gulda hem, erkinde hem ysgyn-mydar ýokdugyny görende, Öz bendelerine rehim-şepagat eder. Eý, gök, eşit, eý, ýer, gulak goý! Reb şeýle diýýär: «Men çagalary ekledim, ulaltdym, emma olar garşyma baş göterdiler. Rebbiň aýdýan sözüne gulak asyň! Turuň, dawaňyzy daglaryň öňünde beýan ediň, Baýyrlar-da sesiňizi eşitsin! Eý, daglar, ýer ýüzüniň sarsmaz binýatlary, Rebbiň dawasyna gulak asyň! Çünki Rebbiň Öz halky bilen dawasy bar, Ol Ysraýyl bilen haklaşar.
Выбор основного перевода