Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Haruna we onuň ogullaryna aýt, ysraýyllara pata bersinler. Siz olara şeýle diýiň: „Goý, Reb sizi ýalkap, Öz penasynda saklasyn! Reb güler ýüzi bilen baksyn, size merhemet etsin! Reb size nazaryny salyp, salamatlyk bersin! Şeýdip, Harun we onuň ogullary ysraýyllara Meniň adym bilen pata bersinler, Men hem olary ýalkaryn“». Reb dogry ynsanlary halas edýändir, muşakgatlykda olara pena bolýandyr. At söweş güni üçin seýislenýändir, emma ýeňiş Rebdendir. Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur. Dogrudan-da, depelerden, daglardan gelýän gykylykdyr gowgalar ýalandyr. Hakykatdan hem Hudaýymyz Reb Ysraýyly halas edýär. «Seni Müsürden çykaran Hudaýyň Reb Mendirin. Menden başga hudaýy tanamaly dälsiň. Menden başga halasgär ýokdur! Men welin alkyşly aýdymlar bilen Saňa gurbanlyk bererin. Kasamymy berjaý ederin. Gutulyş Rebdendir».
Выбор основного перевода