Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar». Indi meniň ýeňişli başym meni gurşan duşmanlarymyň depesinden garaýar. Şadyýanlyk şowhunyny Onuň çadyrynda hödür ederin; Rebbe nagma aýdyp, owaz ederin. Reb meniň güýjüm hem-de galkanym; Oňa bil baglady meniň ýüregim, Ol maňa ýardam edýär, ýüregim biçak şatlanýar; Oňa nagmam bilen şükür ederin. Sen meniň gizlenýän ýerim hem-de galkanym, men Seniň sözüňe umyt baglaýaryn.
Выбор основного перевода