Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan». Men Rebbi agtardym, Ol jogap berdi hem-de ähli howplardan meni halas eýledi. Men Hudaýa perýat edýärin, meni eşideri ýaly perýat edýärin. Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb! Men gaty ses bilen Rebbe perýat edýärin, gaty ses bilen Rebbe men ýalbarýaryn. Men ýurda parahatçylyk bererin. Siz arkaýyn ýatyp turarsyňyz. Sizi gorkuzan bolmaz. Men ýurtdaky wagşy haýwanlaryň ýoguna ýanaryn. Ýurduňyzda uruş bolmaz. Men arkaýyn ýatýan hem-de uklaýan; çünki diňe Sen, ýa Reb, meni amanlykda ýaşadýaň. Eger sanaýyn diýsem, olaryň sany çägeden-de köp, olary sanap bilsedim, Sen dek ýaşardym uzak. Otursaň arkaýyn bolarsyň, ýatsaň süýji uka gidersiň.
Выбор основного перевода