Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki Hudaý tutuş ýeriň Şasydyr, Oňa mezmur bilen nagmalar aýdyň. Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý. Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler». Ýeňijiler Ysaw daglarynyň üstünden höküm sürmek üçin, Sion dagynyň üstüne çykarlar. Patyşalyk Rebbiňki bolar». Reb tutuş ýer ýüzüniň Şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuň ady ýeke-täk at bolar. Patyşalygyň gelsin! Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn! Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“
Выбор основного перевода