Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar her gün agşam yzlaryna dolanýar, itler dek uwlaşyp, şäherde sümsünip ýörýär. Soňra häkimiň esgerleri Isany hökümet saraýyna eltip, tutuş goşun toparlaryny Onuň daşyna üýşürdiler. Ony haça çüýlänlerinden soň, bije atyşyp egin-eşigini özara paýlaşdylar. Muny aýdyp, ellerini, aýaklaryny olara görkezdi. Isany haça çüýlän esgerler Onuň egin-eşigini aldylar. Onuň geýimlerini dört bölege bölüp, her esgere bir paý berdiler. Içki köýnegini hem aldylar. Içki köýnek tikilgi däl-de, boýdan-başa tutuş dokalgydy. Muny aýdyp, olara Öz ellerini, böwrüni görkezdi. Şägirtleri Rebbi görüp şatlandylar. Beýleki şägirtler oňa: «Reb Isany gördük!» diýdiler. Emma Tomas olara: «Men Onuň ellerinde çüýleriň yzyny görüp, şol yzlara barmaklarymy degirmesem, böwrüni elläp görmesem, asla ynanmaryn» diýdi.
Выбор основного перевода