Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ony haça çüýlänlerinden soň, bije atyşyp egin-eşigini özara paýlaşdylar. Soňra Ony haça çüýlediler. Kime näme düşerkä diýip bije atyşyp, Onuň egin-eşigini özara paýlaşdylar. Halk Oňa seredip durdy. Ýolbaşçylar hem Onuň üstünden gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Eger Ol Hudaýyň saýlap-seçen Mesihi bolsa, goý, indi Özüni hem halas etsin-dä!» diýişýärdiler. Isany haça çüýlän esgerler Onuň egin-eşigini aldylar. Onuň geýimlerini dört bölege bölüp, her esgere bir paý berdiler. Içki köýnegini hem aldylar. Içki köýnek tikilgi däl-de, boýdan-başa tutuş dokalgydy. Esgerler biri-birine: «Geliň, muny ýyrtmalyň, muňa bije atalyň, kimiň bijesi çyksa, şol alar» diýdiler. Bu Mukaddes Ýazgylardaky: «Özara paýlaşýarlar geýimlerimi, eginbaşym üçin bije atýarlar» diýen sözleriň berjaý bolmagy üçin şeýle boldy. Esgerler şeýle hem etdiler.
Выбор основного перевода