Reb maňa: „Ine, Men Sihony we onuň ýurduny saňa bermäge girişdim. Indi sen hem onuň ýerini eýelemäge başla“ diýdi.
Bilip goýuň: Hudaýyňyz Reb bu gowy ýurdy size dogruçyllygyňyz üçin berýän däldir, çünki siz boýnuýogyn halksyňyz.
Men Rebbe ýüzlenip, şeýle dileg etdim: „Eý, Hökmürowan Reb, Öz saýlan aýratyn halkyňy ýok etme. Sen olary Öz beýikligiň bilen gulçulykdan azat edip, gudratly goluň bilen Müsürden çykaryp getirdiň.