Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Meniň şanyma baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme--nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz. Olary zürýatlaryndan gizlemeris biz; Rebbiň şanly işlerini, güýç-kuwwatyny, Onuň görkezen gudratlaryny, geljek nesle yglan ederis. Ýa Taňry, Sen ýagşy we geçirimli, Seni çagyrýanlaryň baryna eçilýärsiň sadyk söýgiňi. Sen bolsa, ýa Taňry, rehimli, merhemetli Hudaýsyň, Sen giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baý. Reb rehimdar we merhemetli, sadyk söýgä baý we giň göwünli, Onsoň çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin gurban edilýän bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. Şeýle hem nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir.
Выбор основного перевода