Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olary yhlas bilen berjaý ediň, çünki bu beýleki halklara akyl-paýhaslydygyňyzy we juda düşünjelidigiňizi görkezer. Bu parzlary eşidenler: „Dogrudan hem, bu millet akylly we düşünjeli eken!“ diýerler. Onsoň Ol adamzada: „Ine, Rebden gorkmak – bu paýhasdyr. Şerden gaça durmak – bu düşünjedir“ diýdi». Rebden gorkmak päkdir, ýaşaýar ol ebedi. Rebbiň kararlary ygtybarlydyr, adyldyr olaryň bary. Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebden gorkýan, buýruklaryndan lezzet alýan nähili bagtly! Saňa her gün alkyş aýdaryn, adyňy ebedi we baky şöhratlandyraryn. Bilimiň başlangyjy – Rebden gorkmaklyk; diňe akmaklar danalygy hem öwüt-nesihaty har edýärler. Şonda sen Hudaýyň hem adamlaryň nazarynda merhemet we abraý taparsyň. Danalygyň başlangyjy Rebden gorkmakdyr. Mukaddesligi tanamak bolsa pähim-paýhasdyr.
Выбор основного перевода