Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk edýär, halklara ýüz görmezden höküm çykarýar. Eý, Hudaý, Seniň adyň deý, alkyşyň-da ýeriň dört künjüne ýetýär. Seniň eliň adalatdan doludyr. Emma Seniň şol öňküligiň, soňy ýokdur Seniň ýyllaryň. Bolelinlik, baýlyk onuň öýünde bolar, dogrulygy dowam eder asyrlarboýy. Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi, onuň dogrulygy dowam eder ebedi, at-abraýy bilen bile artýar kuwwaty. Seniň belentligiňiň şanly şöwketi, ajaýyp işleriň barada men oýlanaryn. Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.
Выбор основного перевода